Türkmenistanly mekdep okuwçy Çehiýada geçirlen halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi
50Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Rahymberdi Gyzylow Çehiýa döwletiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Inspireli awards» ady bilen geçirilen halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş etmegi başardy.
Bäsleşik üç ugur boýunça, ýagny arhitektura, interýer we şäher dizaýny ugurlary boýunça geçirildi. Rahymberdi hem bäsleşigiň arhitektura ugruna gatnaşdy. Oňa dünýäniň 89 ýurdundan jemi 1310 okuwçy özüniň taýýarlan 1286 taslama işi bilen gatnaşdy. Halkara bäsleşik şu ýylyň iýul aýynda yglan edildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna jemi 40 sany taslama saýlanyp alyndy, bu baradaky habar gatnaşyjylara 30-njy sentýabrda ýetirildi. Türkmenistanly mekdep okuwçysy Rahymberdi Gyzylowyň taýýarlan «Giper merkez» atly taslamasy hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Rahymberdiniň taýýarlan taslamasy, ýagny 27 gatly işewürlik merkezi energiýa çeşmesini Günden alýar. Onda söwda merkezi, myhmanhana, restoranlar we beýleki köp sanly bölümler göz öňünde tutulan. Şonuň bilen birlikde hem «Giper merkeziň» daş-töwereginiň ekologiýasyny goramak üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Taslamada adamlaryň gündelik ýaşaýşy bilen işini sazlaşykly alyp barmagy baş maksat bolup durýar.
20-nji oktýabrda halkara bäsleşigiň ýeňijisi we tapawutlanan işleriň awtorlary belli boldy. «Inspireli awards» ady bilen geçirilen halkara bäsleşikde tapawutlanan işleriň arasynda Rahymberdi Gyzylowyň hem taslamasy bar. Oňa bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýörite Diplom iberildi. Bu bolsa ýaş arhitektor ýigide geljekde hem uly üstünlikleriň garaşýandygyna şaýatlyk edýär.
Belläp geçsek, Rahymberdi indi bassyr 5 ýyl bäri, ýagny 6-njy synpdan bäri arhitektura işi bilen gyzyklanyp gelýär. Ol öz öňünde goýan maksadyna ýetmek üçin bu ugurda iş alyp barýan ussat arhitektorlaryň elinde tälim alyp, öz başarnygyny artdyrýar.
https://turkmenportal.com/tm/blog/40953/turkmenistanly-mekdep-okuwchy-chehiyada-gechirlen-halkara-basleshikde-ustunlikli-chykysh-etdi