Magtymguly pyragy kalbymyzyň nury

46


Hormatly Prezidentimiziň döwlet durmuşynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda bilim-terbiýe meselesine, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek, kämilleşdirmek, ýaşlaryň ahlak sypatlaryny ösdürmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly wajyp meseleleri üns merkezinden düşürmeýänligi ýaş nesli ruhy taýdan terbiýelemek işini irginsiz alyp barýan mugallymlary has-da buýsandyrýar.

Ýaş nesli kitabyň, çeper eserleriň üsti bilen terbiýelemek, bilim işgärleriniň öz öňlerinde goýýan asylly maksatlarynyň biri bolup durýar. Çeper eserleriň, kyssadyr şygyrlaryň üsti bilen ýaş nesle Watançylyk terbiýesini, estetiki terbiýäni, zähmet terbiýesini, ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň, olarda ata Watana, ene Topraga bolan söýgüni döretmegiň, ene-ata bolan sylag-hormaty kemala getirmegiň, ylyma-bilime, kitaba sarpa goýmagy öwretmegiň özi bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Nusgawy edebiýatyň ynsan aňyna, hususan-da, şahsyýet hökmünde kemala gelýän ýaş nesliň aňyna örän netijeli täsir edýändigine şübhelenýän megerem ýok bolsa gerek. Mysal üçin, şygryýet dünýäsi Jemşidiň jamyna deňelýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde durmuşy, watançylyk-gahrymançylyk, öwüt-nesihat, at-bedew, söýgi-tebigat temalary eriş-argaç bolup geçýär. Watan, gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, jebislik hakyndaky şygyrlary bolsa onuň döredijiliginde iň bir görnükli orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, "Magtymguly Pyragy synmaz, öz ygtyýarly Türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr".

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussatdyr.

                                          Magtymguly, garyp göwnün baý edip,

                                          Kanagat ülkesin bendi-jaý edip,

                                          Her kim öz ýaryny dogan aý edip,

                                          Aýyn gözlär, özge aýa seretmez

diýen setirleriniň üsti bilen göwnüň, ruhuň baý bolmagyny, sabyr-kanagaty özüňe ýaran edinmelidigini, söýgüňe wepaly bolmalydygyny öwredýär.

Öz bilim alan ýeriňe sylag-hormat goýmagyň görelde mekdebi bolup durýan setirleri bolsa ýaşlarda ylma-bilime, okaýan mekdebine sarpa goýmagy ündeýär:

                                           Daýym unutmaz men tylla gapysyn,

                                           Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy!

diýmek bilen ýa bolmasa nusgawy şahyrymyz "mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy" diýen setirleri  okap bilim alan ýerine özüniň hormatyny, sylag-sarpasyny parasatly setirleriniň üsti bilen mälim edýär.

Nusgawy şahyrlaryň eserlerini okamaklyk has aýdyň ýagdaýda bolup geçýär. Çünki nusgawy şahyrlarymyz göräýmäge ýönekeý bolup görünýän setirleriň üsti bilen çuňňur many-mazmuny açyp görkezmegi, "gysga, emma şerhi köp" sözleriň üsti bilen umman ýaly giň, daglar ýaly belent paýhas-pikirleri beýan etmegi ussatlyk bilen başarypdyrlar. Bu eserleri okap talyplar özleriniň söz baýlyklaryny hem artdyrýandyklaryny, düşünmedik sözlerini sözlüklerden gözläp tapýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa olaryň kitaphanalardan, maglumat çeşmelerinden özbaşdak peýdalanmak, özbaşdak pikirlenmek endiklerini kemala getirýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2024-nji ýylda - «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda "Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr" diýip şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň goýup giden akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, olary öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

 

Taýýarlan:  Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy TDP-niň başlygy:  G.Meredowa

Paýlaş

Salgymyz:

Mary ş., Baýram han köçesi, 1
Mary, st. Bayram khan, 1
г.Мары, ул.Байрам хана,1

Telefon belgiler:
(522) 5-05-38, 5-13-58