Garaşsyzlyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr
72 Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her
bir güni beýik ösüşlere, şanly senelere beslenýär. Konstitusiýanyň kanunlary
arkaly adam hukuklary goralýan hem-de kepillendirilýän demokratik, hukuk we
dünýewi döwlet bolan ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynda ägirt uly özgertmeler
amala aşyrylýar. 33 ýyl mundan ozal gadymy türkmen halkynyň erk-islegi amala
aşyrylyp, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda”
Konstitusion kanun kabul edildi hem-de Türkmenistan Garaşsyz döwlet diýlip
yglan edildi. Öz Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn
ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar
üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň demokratik,
hukuk we dünýewi esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli tagallalar
edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary
esasynda yzygiderli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler adamyň hukuklaryny,
azatlyklaryny goramakda, ilatyň dürli gatlaklaryny döwletiň işlerini
dolandyrmaga çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk senesi
türkmen halky üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Bu gün biz “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şan-şöhrata we uly üstünliklere beslenýän
döwründe Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen özgertmelere
baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň, her aýynyň taryhy ähmiýetli
syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenendigini uly ynam bilen aýdyp bileris.
Şanly
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli bütin türkmen halkymyzy, türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli,
umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumlarynyň rowana ýollarda rowaçlyklara
beslenmegini arzuw edýärin. Goý, Garaşsyz döwletimiz elmydama üstünliklerden,
ýeňişlere beslensin!
Taýýarlan: Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Hanow Muhammet