Mary welaýatynyň ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň arasynda woleýbol ýaryşy geçirildi

80

Mary
şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde sportuň dürli
görnüşleri boýunça toparara sport çäreleri, ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.Geçirilýän ýaryşlara talyp ýaşlar hem-de mugallymlar işjeň gatnaşýarlar.Şeýle-de welaýatymyzyň okuw jaýlarynyň arasynda geçirilýän dürli sport
çärelerine, ýaryşlaryna gatnaşyp okuw jaýymyzyň talyp ýaşlary baýrakly orunlara
eýe bolýarlar.Muňa mysal edip golaýda
Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň sport zalynda welaýatymyzyň
çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp oglanlaryň
gatnaşmagynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşda
talyp ýaşlardan düzülen toparlar özleriniň erjelligini hem-de başarjaňlygyny
açyp görkezdiler.Emin agzalarynyň netijeli baha bermegi bilen ýaryşda 1-nji
orna Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň topary, 2-nji orna Mary
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň topary, 3-nji orna bolsa
okuw jaýymyz ýagny Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň
topary mynasyp boldy.Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şu
pursatdan peýdalanyp ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmekde, ýaşlaryň
beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi ugrunda ýadawsyz aladalar edýän
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdaýaryn.Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak,
belent başlary aman, rowaç tutumlary rowana ýollarda dowamat dowam bolsun! 


   Taýýarlan:  Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Gülälek Meredowa                                       

Paýlaş

Salgymyz:

Mary ş., Baýram han köçesi, 1
Mary, st. Bayram khan, 1
г.Мары, ул.Байрам хана,1

Telefon belgiler:
(522) 5-05-38, 5-13-58