Sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli ýaryşlar geçirilýär

61

      Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta
hünär okuw mekdebinde sportuň dürli görnüşleri boýunça toparara sport çäreleri,
ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän ýaryşlara talyp ýaşlar hem-de
mugallymlar işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de welaýatymyzyň okuw jaýlarynyň arasynda
geçirilýän dürli sport çärelerine, ýaryşlaryna gatnaşyp okuw jaýymyzyň talyp
ýaşlary baýrakly orunlara eýe bolýarlar. 
Muňa mysal edip golaýda Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebiniň sport
zalynda welaýatymyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp
gyzlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy”
atly XIV
Spartakiadanyň düzümine girýän sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş
geçirildi.
Gyzgalaňly we çekeleşikli geçen ýaryşda
talyp ýaşlardan düzülen toparlar özleriniň erjelligini hem-de başarjaňlygyny
açyp görkezdiler. Emin agzalarynyň netijeli baha bermegi bilen ýaryşda 1-nji
orna Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň topary, 2-nji
orna Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň topary, 3-nji
orna S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň topary
mynasyp boldy. Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan talyp ýaşlara Hormat
hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.Şu pursatdan peýdalanyp ýurdumyzyň
bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmekde, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn
kemala gelmegi ugrunda ýadawsyz aladalar edýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza
köp sag bolsun aýdýaryn.Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, rowaç tutumlary
rowana ýollarda dowamat dowam bolsun!



 



     Mary şäheindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gülälek Meredowa

Paýlaş

Salgymyz:

Mary ş., Baýram han köçesi, 1
Mary, st. Bayram khan, 1
г.Мары, ул.Байрам хана,1

Telefon belgiler:
(522) 5-05-38, 5-13-58