Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň ylmy binýady kämilleşdirilýär

69

Ýurdymyzyň ylmyny 
hemmetaraplaýyn ösdürmek  hem- de
onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli peýdalanyp, jemgyýetiň
intellektual  kuwwatyny  artdyrmak 
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly
Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan özgertmeler
maksatnamasynda ylmy barlaglaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. 
Şol maksatlar üçin hökümet tarapyndan örän uly serişdeler
goýberilýär. Ylmy barlaglaryň binýadyny täzeden enjamlaşdyrmak boýunça
maksadalaýyk işler geçirilýär hem-de şeýle işleri gurmak
  boýunça ýeterlik derejede uly tejribe
toplanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns
 
bermegi netijesinde nebitgaz toplumyny ösdürmek, energetika,
lukmançylyk, tebigy we ynsanperwer ylymlaryny, ykdysadyýeti, aragatnaşygy,
aýratyn-da döwrebap kommunikasiýa
 tehnalogiýalaryny ösdürmek, önümçiligi
awtomatlaşdyrmak bilen
  bagly bolan ylmy
ugurlar Türkmenistanda ileri tutulýan ösüşe eýe boldy. Häzirki zaman şähergurluşygynda,
ýollary
  we köprüleri gurmakda
ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň, innowasion tehnalogiýalarynyň
giňden ornaşdyrylmagy şäherlerimiziň we obalarymyzyň gaýtalanmajak binagärlik
keşbini döretmäge ýardam etdi.
Özboluşly gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmak bilen bir
wagtda Türkmenistanda seýsmiki howply zolaklarda seýsmiki töwekgelçilikleri
azaltmak, binalaryň we desgalaryň durnuklylygyny kesgitlemek boýunça yzygiderli
geçirilýän işlere aýratyn üns berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezililşi ýaly,
seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk häzirlikçe, ýer titremeleriniň täsirinden
ýeke-täk gorag bolup durýar. Binalaryň we desgalaryň durnuklylygynyň kepili –
bu adamlaryň ömrüniň howpsuzlygynyň kepilidir. 
Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde ýaş nesliň
döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, hünär derejesini
ýokarlandyrmagy üçin uly mümkinçilikler döredilýär. 

Paýlaş

Salgymyz:

Mary ş., Baýram han köçesi, 1
Mary, st. Bayram khan, 1
г.Мары, ул.Байрам хана,1

Telefon belgiler:
(522) 5-05-38, 5-13-58