Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 13718 belgili kararyndan gelip çykýan we “Türkmenistanyň durmuş- ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2014-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky 11/25145 belgili tabşyrygyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 13718 belgili kararynyň 1-nji bölüminde berlen ygtyýarlyga laýyklykda, Mary welaýatynyň 5-nji başlangyç orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda, şeýle hem onuň mirasdüşeri edip Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň göni garamagynda Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebini döredildi.
Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň hukuk salgysyny Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 1-nji jaýy diýip bellenildi